«Asus» döwrebap oýunlary kompýutersiz oýnamak üçin niýetlenen monitoryny tanyşdyrdy

MilliInfo

16 Fewral, 2026

«Asus» döwrebap oýunlary kompýutersiz oýnamak üçin niýetlenen monitoryny tanyşdyrdy

«Asus» kompaniýasy oýun enjamlarynyň hataryna degişli bolan «Strix OLED XG34WCDMTG» monitoryny tanyşdyrdy. Bu enjam «Android 14-iň» binýadyndaky «Smart Google TV» goldawynyň bardygy sebäpli, özüne meňzeş beýleki oýun monitorlarynyň tas ählisinden diýen ýaly tapawutlanýar. Şeýlelikde, täze tehnologiýa dünýädäki ilkinji şeýle aýratynlygy bolan oýun OLED-monitory boldy.

Has ýönekeý aýdylanda, bu hiç hili şahsy kompýutersiz (PK) işläp bilýän «akylly» Android monitordyr. Mundan başga-da, enjamda «GeForce Now» hyzmatynyň goldawy bar. Diýmek, oýunlary hem kompýutersiz gönüden-göni monitoryň özünde oýnap bolýar.

Monitor 34 dýuým diagonally, 1440p durulygyndaky we 240 Gs täzelenme ýygylygyny goldaýan aşa giň formatly «QD-OLED» paneline esaslanýar. Ýagny, bu eýýäm geçen nesliň panelidir. Şeýle hem, enjamda hususy «Wi-Fi 6» moduly we her biri 5 Wt bolan bir jübt dinamik ýerleşdirilipdir.

Ekranyň egrilik radiusy 1800R bolup, adaty ýagtylygy 250 kd/m² ölçegdedir, emma HDR tertibinde bu görkeziji 1000 kd/m² çenli ýetip bilýär.

Monitor eýýäm 1100 dollardan satuwa çykaryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info