«Toyota Camry 2026 Sport Lite Edition» tanyşdyryldy

MilliInfo

29 Sentýabr, 2025

«Toyota Camry 2026-nyň» Hytaýdaky görnüşleriniň arasynda täze bir nusga peýda boldy — «Camry 2026 Sport Lite Edition».

Sedanyň bahasy 158,8 müň ýuana (takmynan 22 müň 175 amerikan dollary) barabar — bu model awtoulagyň «Sport» nusgasyndan arzanrak, ýöne şonda-da enjamlaşdyrylyşy has kämil: ol 18 dýuýmlyk tigir diskleri, sürüjini goldaýan ulgamlaryň toplumy bolan «Toyota Safety Sense 3.0 Pro» (şol sanda daş-töweregi görkeziş ulgamy we akylly awtomatiki duralga ulgamy), piliň süňküniň reňkindäki deri salon, 64 reňkden ybarat owadan yşyklandyryş, uýgunlaşmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýan kruiz-gözegçilik, howa gözegçilik ulgamy we sanly açar bilen üpjün edilendir.

Tehniki taýdan ähli zat adaty — «sport» sözünden gaty daşda: kapotynyň aşagynda 173 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik motor we wariator goýlan. Awtoulagyň gabarasynyň ölçegleri: 4920 х 1840 х 1455 mm. Tigir binýady bolsa — 2825 mm.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo