Instagram sosial ulgamy indi telewizorlar üçin hem elýeterli bolýar. 17-nji dekabrda onuň «Instagram for TV» (Telewizor üçin Instagram) nusgasy tanyşdyryldy.
Işläp düzüjileriniň, ýagny programmistleriň bellemegine görä, «Reels» adatça telewizorda maşgala ýa-da dost-ýarlar bilen öýde tomaşa edilýän filmleriň we gyzykly gepleşikleriň ornuny tutar. Şeýlelikde, Instagram uly ekranlarda «YouTube» we «TikTok» bilen gönüden-göni bäsdeşlige girýär. Telewideniýe nusgasynyň işe girizilmegine «Meta» kompaniýasynyň gysga wideolary smartfonlaryň çäginden çykaryp, has giňeltmek synanyşygy hökmünde garalýar.
Degişli programma häzirki wagtda ABŞ-da «Amazon Fire TV» enjamlarynda synag etmek üçin elýeterlidir. Kompaniýa ýakyn aýlarda programmanyň beýleki sebitlerde we has köp sanly enjamlarda elýeterli boljakdygyny belledi.
Häzirki wagtda programma ulanyjylara bäş sany şahsy hasaba (akkaunda) çenli goşmaga ýa-da ýörite telewizorda tomaşa etmek üçin aýratyn hasap (akkaunt) döretmäge mümkinçilik berýär. Wideoşekiller ulanyjynyň gyzyklanmalaryna baglylykda aýratyn kanallarda jemlenendir.
Programmada gözleg funksiýasy bar, geljekde bolsa telefony uzakdan dolandyryş pulty hökmünde ulanmak, lentalary paýlaşmak mümkinçilikleri we kämilleşdirilen nawigasiýa ýaly beýleki aýratynlyklar hem goşular.
