20-30-njy iýun aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherindäki Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda okatmagyň netijeli usullaryny we innowasion iş tejribelerini ösdürmek, özara tejribe alyşmak hem-de ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara çäreler geçirilýär.
Bu halkara çärelere Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary Gadam Akmyradow, Aýna Nurmyradowa we Oguljan Akmyradowa gatnaşdy. Saparyň esasy maksady ýokary bilim ulgamynda häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri öwrenmek, okatmagyň innowasion usullary boýunça tejribe alyşmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar.
Iş saparynyň ilkinji gününde Albaniýa, Alžir, Müsür, Fransiýa, Iordaniýa, Çernogoriýa, Marokko, Tunis, Türkmenistan we Türkiýe ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň on üçüsinden bolan wekilleriň gatnaşmagynda çäräniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda gazanan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlyk tejribeleri hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada ýörite taýýarlanan prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
Duşuşyklaryň dowamynda okuw prosesine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, garyşyk we sanly okuw modelleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Iş saparynyň çäklerinde guralýan «CompSysTech'26» («International Conference on Computer Systems and Technologies») atly kompýuter ulgamlary we tehnologiýalary boýunça halkara ylmy maslahat bolsa dürli ýurtlardan gelen alymlary, gözlegçileri hem-de professor-mugallymlary bir ýere jemledi. Maslahatda emeli aň, maglumat ulgamlary, programma üpjünçiligi, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary hem-de kompýuter ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem maslahatyň işine işjeň gatnaşyp, ýokary bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, innowasion pedagogiki çemeleşmeler, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman bilim gurşawyny döretmek boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar bilen geljekde bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek hem-de ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşýarlar.
Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara çäreler professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
