Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýada kämilleşýärler

MilliInfo

22 Iyul, 2026

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýada kämilleşýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk mynasyp dowam etdirilýär.

2024-nji ýylda bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň çäginde geçen ýyllardaky ýaly, şu ýylyň 14-nji iýulynda uniwersitetiň talyplar topary we mugallymlary okuw-önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy.

2 hepdelik okuw-önümçilik tejribeligi hem-de 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan degişli meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary degişli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary özleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak barada sapaklary geçerler. Şeýle hem Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň guralyşy, okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanşarlar.

Okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaklaryna täsirini ýetirer. Mugallymlar üçin guralýan hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary bolsa olaryň öňdebaryjy dünýä tejribesini okuw işlerine yzygiderli ornaşdyrmaklaryna ýardam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info