Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary 11-nji oktýabr — 25-nji dekabr aralygynda «Inženerçilik derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» atly halkara maksatnamasyna gatnaşýarlar. Okuwlar Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Sukuba uniwersitetiniň binýadynda guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýokary okuw mekdebiň dört mugallymy girdi:
Muhammetmyrat Mätiýew (Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakulteti);
Atamyrat Altyýew (Himiýa we nanotehnologiýalar fakulteti);
Selbi Gulmuhammedowa (Biotehnologiýalar we ekologiýa fakulteti);
Aýlar Geldiýewa (Biotehnologiýalar we ekologiýa fakulteti).
Saparyň baş maksady okatmagyň öňdebaryjy ýapon usullaryny ele almak, inženerçilik biliminiň hilini ýokarlandyrmak we ylmy-barlag işlerini ösdürmek bolup durýar. Tejribe okuwynyň dowamynda mugallymlar okuw meýilnamalarynyň gurluşyny, bilimlere baha bermegiň döwrebap usullaryny öwrenerler, şeýle hem emeli aň, materialşynaslyk, nanobiosensorlar, azyk biotehnologiýasy we sanly bilim serişdelerini döretmek ugurlary boýunça ylmy barlaglary geçirerler.
Toplanan tejribe we amaly endikler ýokary okuw mekdebiniň okuw işine hem-de barlaghana tejribeliklerine giňden ornaşdyrylar. JICA-nyň we Sukuba uniwersitetiniň bilelikdäki bu maksatnamasy ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli inžener hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
