11-nji awgustda «Arkadag» stadionyň maslahatlar zalynda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň deslapky tapgyrynyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi. Türkmen toparynyň Hindistanyň «Goa» kluby bilen boljak duşuşygyna taýýarlygy barada baş tälimçi Mergen Orazow we goragçy Ybraýym Mämmedow gürrüň berdiler.
«Arkadag» toparynyň tälimçisi Mergen Orazow öz şägirtlerine bolan ynamyny beýan edip, taýýarlyk tapgyrynyň örän netijeli geçendigini belledi.
«Toparymyz ýurdumyzda degişli okuw-türgenleşik işlerini üstünlikli amala aşyrdy we öňde duran oýuna doly taýýar derejede» — diýip, türkmen toparynyň tälimçisi habar berdi.
Toparyň goragçysy Ybraýym Mämmedow öňde duran oýnuň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.
«Stadiona biziň ýakynlarymyz, dostlarymyz we köp sanly janköýerlerimiz gelerler. Biz olaryň ägirt uly goldawyny duýýarys hem-de bildirilýän ynamy ödemäge çalşarys. Biziň ýeke-täk maksadymyz — diňe ýeňiş gazanmak» — diýip, Mämmedow nygtady.
Türkmen toparynyň goragçysy şeýle hem ýeňiş gazanmak üçin hüjüm futbolyny görkezmegiň zerurdygyny hem belledi.
AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň deslapky tapgyrynyň çäklerindäki «Arkadag» we «Goa» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun sagat 20:00-da başlanar.
