Ermenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy bilen tanyşdy

MilliInfo

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyzda saparda bolan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasy habar berýär.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow garşylady. Ermenistanyň döwletiniň baştutany toplumyň kämil infrastrukturasy, onuň enjamlaşdyrylyşy we Türkmenistanda tennisi professional derejede ösdürmek üçin döredilen ajaýyp şertler bilen ýakyndan tanyşdy.

Aýratyn bellesek, bu toplum 2024-nji ýylda ATF tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info