Şu gün — 8-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýokary derejeli mejlislere, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.
