8-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler.
