Kasym-Žomart Tokaýew Awazada geçiriljek möhüm halkara sammitlere gatnaşjakdygyny tassyklady

MilliInfo

26 Awgust, 2026

Kasym-Žomart Tokaýew Awazada geçiriljek möhüm halkara sammitlere gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gazak we türkmen halklarynyň umumy medeni-ruhy gymmatlyklara eýedigini belläp, ahalteke atlarynyň özboluşly gözelligini hem-de olaryň Türkmenistanyň beýik milli mirasydygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dostlugy we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info