Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Awazada geçýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

MilliInfo

8 Oktýabr, 2026

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Awazada geçýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Şu gün — 8-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info