Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berdi.
Gyrgyz lideriniň Gutlag hatynda Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly syýasy we ykdysady üstünliklerine hem-de ýurduň halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goşandynyň örän uludygy bellenilýär. Ol hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynanýandygyny tassyklaýar:
«Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn».
Şeýle hem, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýär.
