8-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berdi.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Watanymyzda mähirli garşylandy. Ol şu gün—9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek möhüm çärelere gatnaşar.
