Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi

MilliInfo

8 Oktýabr, 2026

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi

Şu gün — 8-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklara we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gazagystanyň Prezidenti türkmen topragynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info