Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi

MilliInfo

8 Oktýabr, 2026

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi

7-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birnäçe möhüm çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info