Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serbiýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy gutlady

MilliInfo
Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serbiýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy gutlady

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady. Onda Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglar we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar beýan edilýär.

«Soňky 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak esasynda ösdürildi. Serbiýa Respublikasy Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär we ony has-da ösdürmäge berk ygrarlydyr. Toplanan oňyn tejribä, özara hormat goýmaga esaslanyp, syýasy dialogymyzy, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmagy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn» — diýip, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç gutlag hatynda belleýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidenti döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info