Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

MilliInfo

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi.

...Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde çykyş edenler Pyýada atly bedewiň gazanan ýeňişleriniň türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä derejesinde uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar.

Soňra baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna geldi.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş girelgesiniň öňünde bina edilen meşhur Pyýadanyň heýkelini synlady hem-de bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň baş binasyna tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş binasyna bardy.

Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi.

Soňra halypa atşynas halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» diýen pähiminiň bardygyny, «arkama-arka» diýen düşünjäniň bolsa nesliň dowamat-dowamlygyny, döwletlilik ýolunyň rowaçlygyny aňladýandygyny belläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedewi sowgat hökmünde kabul etmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Şeýle hem halypa atşynas halkymyzda «dag» diýmegiň daýanç, direg, gorag ýaly düşünjeleri aňladýandygyny aýdyp, «Gahryman Arkadagymyz, at arkasy gutly mübärek bolsun!» diýip nygtady hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegini haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykaryldy. Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde B.Ballyýewiň hojalygyna degişli bolan Meleguş diýen at birinji orna mynasyp boldy.

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudratly diýen at ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýurdumyzyň pudak edaralarynyň baýraklary gowşuryldy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanowa «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy R.Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýewe «Bedewim — göz guwanjym» atly foto işi; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýewe «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik işlerinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyrlar. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Soňra bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Şol gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info