Döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy

MilliInfo
Döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin «Ekspo Georgia» sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.

Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.

Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy.

«Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny aýtdy.

Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga güýçli itergi bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň çäklerinde guraldy. Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň gatnaşmagy onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.

Döwlet we hökümet Baştutanlary sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen ykdysadyýetiniň köpugurly kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary gyzyklanma taraplaryň netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň beýanydyr.

«Ekspo Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň Gruziýanyň we tutuş Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny görkezýär.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info