Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidentine gynanç bildirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma onuň dogany Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!» diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we onuň maşgala agzalaryna gynanjyny hem-de ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info