Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

MilliInfo

30 Oktýabr, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň «Etimesgut» howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.

Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz esgerlere «Merhaba, asker!» diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, «Sag boluň!» diýip jogap berdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Şeýle çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle hem, türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar.

Bu ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly «küştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ak öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar.

Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar.

Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary öz içine aldy.

Umuman, türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi türki halklaryň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info