Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

29 Awgust, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada boldy.

Wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada beýan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň awgust aýynda zähmet rugsady döwründe dynç almaga, şeýle hem öňde boljak möhüm çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şondan soň wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.

«Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info