Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme işleri geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyna gatnaşandyklary bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabaty ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow  çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info