7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanowyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek, T.Atahallyýewiň ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi boýunça hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, mejlisde wise-premýerler B.Annamämmedowyň, N.Atagulyýewiň, B.Seýidowanyň, B.Mämmedowyň şu ýylyň iki aýdynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlaryna orun berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredowyň we B.Annaýewiň hasabatlarynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi. «Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. «Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.