Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini hem-de býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew öz hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada beýan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada boldy.
Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabaty diňlenildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
