Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň agzalarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Wise-premýer N.Atagulyýew aprel aýynda paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada beýan edildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi.
«Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.