Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi: şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

MilliInfo

Düýn — 1-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň hasabatynda aýdylşy ýaly, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň hasabatynda şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow degişli döwürde ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça amal edilen işler barada maglumat berdi.

Wise-premýer T.Atahallyýew degişli hasabatyndan başga-da, häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Annamämmedowyň, N.Atagulyýewiň, B.Seýidowanyň hasabatlaryna orun berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary B.Mämmedow Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijelerini beýan etdi. Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada hem maglumat berdi.

Mundan başga-da, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabaty diňlenildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info