Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Ýeňiş güni bilen gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş güni bilen gutlady. Onda şeýle sözler beýan edilýär:

Eziz watandaşlar!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň beýik baýramydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda bu şöhratly baýramçylyga bagyşlanan çäreleriň agzybirligimizi we jebisligimizi, eziz Watanymyza, parahat durmuşa bolan milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

1941 — 1945-nji ýyllarda adamzat görlüp-eşidilmedik kynçylyklar we agyr ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu gazaply uruş döwri dünýäniň ykdysady ulgamyna, ýurtlaryň medeni ösüşine, adamlaryň ykbalyna örän kyn synaglary getirdi. Aradan ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, pajygaly şol ýyllaryň hasraty tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde, milli bitewüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar hökmünde saklanyp, dünýäde parahatçylygy, dostlugy goramaga çagyrýar.

Doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň ilaty hem bitewi güýje öwrülip, faşizmiň garşysyna gahrymançylykly göreşde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Gerçek watandaşlarymyzyň müňlerçesi bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň, sarsmaz watansöýüjiligiň nusgawy mekdebini döretdi.

Gowgaly döwürde ýaşululardyr gelin-gyzlar, ýetginjekler gije-gündiz gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnadylar, egin-eşikdir azyk önümlerini taýýarlap, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna özleriniň deňsiz-taýsyz goşantlaryny goşdular. Mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz arzyly Ýeňşiň hatyrasyna 7 müň 392 kilogram altyn-kümüş şaý-seplerini Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryp, gaýtalanmajak beýik ynsanperwerligiň hem-de Watana wepalylygyň nusgasyny görkezdiler. Agyr synagly ýowuz ýyllarda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň kalbyndan we döredijilik hyjuwyndan döräp, taryhyň ajaýyp sungat eserine öwrülen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly halkymyzyň parahat we asuda durmuşa bolan söýgüsini tutuş dünýä ýaýan beýik taryhy waka öwrüldi.

Şoňa görä-de, biz Beýik Ýeňiş gününde merdana pederlerimizden miras galan asylly däbimize eýerip, Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, tutuş Diýarymyzyň çägindäki ýadygärliklere çuňňur sarpa bilen gül desselerini goýýarys. Ägirt uly Ýeňşiň gazanylmagyna we asuda durmuşyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşan gaýduwsyz gerçeklerimizi hem-de zähmetkeş watandaşlarymyzy hatyralaýarys. Ýeňiş baýramynyň şanyna çäksiz hormat-sarpanyň nyşany hökmünde uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurýarys. Bu beýik baýram mynasybetli jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan, ýaş nesillerimizde belent watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän, şöhratly taryhymyzy hem-de milli ýörelgelerimizi dabaralandyrýan aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirip, parahatçylyga we asudalyga ygrarlydygymyzy Ýer ýüzüne ýaýýarys. Bularyň ählisi halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Merdana watandaşlarymyzyň söweş meýdanlaryndaky gahrymançylygy, zähmet ýollaryndaky gaýduwsyzlygy şu günki we geljek nesiller üçin nusgawy görelde bolup, kalplarymyzda baky saklanýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gülläp ösmegi üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz barada döwlet derejesinde uly alada edýäris hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Çünki uruş ýyllarynda parahat we abadan durmuşyň hatyrasyna Watany, öý-ojagyny gorap, mertlerçe söweşip, ot içinden geçen gerçek gahrymanlarymyz, çagalygyny, ýaşlygyny ýowuz ýyllara pida eden sarpaly ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr, görelde mekdebimizdir.

Eziz watandaşlar!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, parahatçylygy, dost-doganlygy baýdak edinýän Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info