Şu gün — 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa geldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.
«Türkmenistan» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirer. Türkmenistan — Gruziýa işewürlik maslahaty we ýurdumyzda öndürilen önümleriň göçme sergisi bolsa iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjek, işewürlik düzümleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ýardam etjek möhüm wakalara öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar laýyk 34 ýyl mundan ozal — 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurt bu mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Diňe geçen ýylyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleri geçirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji wakasy bolan iri halkara foruma gatnaşmak maksady bilen üç gezek Türkmenistanda saparda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji döwlet sapary hem netijeli syýasy dialogyň dowamy bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar.
