Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ermenistana barandygy barada «Armenpress» agentliginde habar berilýär. Ýerewanyň «Zwartnos» howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Ermenistan Respublikasynyň wise-premýeri Mger Grigorýan garşylady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewanda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäklerinde geçirilýän Liderleriň sammitine gatnaşar. Bu «Tebigatyň hatyrasyna hereket etmek» («Taking action for nature») şygary astynda 190-dan gowrak ýurtdan wekiliýetleri, alymlary we BMG-niň wekillerini birleşdiren dünýäniň iň iri ekologik forumydyr.
Çäre biologik köpdürlüligi gorap saklamak, ekoulgamlary goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanandyr. Onuň öňüsyrasynda geçirilýän Liderleriň sammiti bolsa tebigaty goramak syýasatynyň ählumumy ileri tutulýan ugurlaryny ýokary derejede kesgitlemäge gönükdirilendir.
