Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de boşatmak hakynda Permanlara hem-de Kararlara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Azat Rejepmyradowiç Gurbanow Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Merdan Bebitowiç Poladow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Magtymguly Saryýewiç Saryýew, pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen, ýurdumyzyň etraplarynyň häkimleriniň birnäçesi täzelendi:
Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Serdar Kakamyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Gurban Hemrakulowiç Kerimow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Zahid Ýusupowiç Hasanow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowyň üstüne ýüklenildi.