7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
...Irden sport çäresine gatnaşyjylar welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Şanly sene mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Ýygnananlaryň arasynda welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, hemmeler Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen sazlaşykly herekete başladylar. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Olaryň döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini wasp edýän şowhunly çykyşlary ýörişe gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Mälim bolşy ýaly, welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda durmuş we ekologik taslamalary goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda-da her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan raýatlaryň sany barha artýar. Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
...Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
***
Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. «Tegelek stol» duşuşyklary, maslahatlar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi.