Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasy

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler jaýyna bardy we bu ýerde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Garaşsyz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şu gün bolsa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylýandygyny belledi hem-de hemmeleri bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen, Tejen — Mary aralygyndaky iki tapgyry ulanmaga berildi. Bu gün bolsa bu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy doly tamamlandy. Döwrebap ýoluň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýoluň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän köp sanly köprüler, suw geçirijiler, ýörite geçelgeler, ýangyç guýujy beketler bina edildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde görkezilen wideoşekil arkaly ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Soňra dabara gatnaşýan abraýly halkara düzümleriň wekillerine söz berildi.

Ilki bilen, Fransiýanyň «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasynyň täjirçilik we marketing boýunça direktory Luis Felipe Duke Willegas çykyş etdi.

«Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris we bu taslamanyň ýurduň döwrebap infrastrukturasynyň ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynanýarys» diýip, işewür belledi hem-de «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen geljekki infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Luis Felipe Duke Willegas bu möhüm taslamanyň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany; töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy, ulanylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň ýokary hilli dolandyryş ýörelgelerine laýyklykda alnyp barlandygyny tassyklaýan ISO 9001 şahadatnamasyny; maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini, ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň, maliýe amallarynyň we möhüm infrastrukturanyň kiberhowplardan ygtybarly goralýandygyny tassyklaýan ISO 27001 şahadatnamasyny; ýokary tizlikli awtomobil ýolunda daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärli çemeleşmäni tassyklaýan we ähli işleriň gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga gönükdirilendigini tassyklaýan ISO 14001 şahadatnamasyny; ölçeg enjamlarynyň ýokary takyklygyny, gözegçilik ulgamlarynyň dogry işleýändigini, ähli amallaryň aýanlygynyň we adalatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýan ISO 10012 şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekili Dong Guosen çykyş etdi.

Dong Guosen ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýol demir germewleriniň taslamasynyň we hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy. Onuň gurluşygynda ulanylan inženerçilik çözgütleri we materiallaryň berkligi, çeýeligi, uzak möhletliligi iň ýokary halkara standartlara laýyk gelýär hem-de ISO 1461, EN1317 Ýewropa standartynyň halkara ýol howpsuzlygy kadalaryna gabat gelýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berdi we awtoulagda awtobanyň ugry bilen ýola düşdi. Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda guralan dabara meýdançasynda toý däp-dessurlarymyzy we milli mirasymyzy açyp görkezýän edebi çykyşlary synlady.

Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.

Şeýlelikde, şu günki dabara ýurdumyzda içerki we halkara ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilmegi ugrunda tutumly başlangyçlaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

***

Şu gün ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info