Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelen döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Olaryň taslamalary işlenip düzülende ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.
...Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Aýdym-sazly çykyşdan soňra, döwlet Baştutanymyz dikuçarda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, täze, döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy hem-de Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga bermek dabarasy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
Bu günki düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder.
«Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini, ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini belledi.
Soňra bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi. Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylarynyň hoşallyk sözleri bilen çykyş etmegi hem dabaranyň ähmiýetli bölegine öwrüldi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi. Soňra döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan netijeli işleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
***
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.