Türkmenistanyň Prezidenti serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

MilliInfo

13 Sentýabr, 2025

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi. Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Toplumda bina edilen sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglyklaryny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info