Düýn — 1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedowyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde prokuratura edaralaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada boldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýewiň hasabatynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň alty aýynda degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada beýan edildi.
Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy hem-de asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanowyň hasabatynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Adalat ministri M.Taganow ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň hasabatynda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
