Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew öz hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hakynda beýan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabaty dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada beýan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info