24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. «Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.