Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere seredildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlaryny berdiler.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny we idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info