Oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy

MilliInfo

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatlarda pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info