Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

MilliInfo

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» amala aşyrylyşy barada hasabat berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň hasabaty geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada boldy.

Mundan başga-da, Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedowyň hasabatlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. «Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabaty diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, B.Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowy, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Şondan soň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine R.Myradowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollary ministri wezipesine H.Kerimowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatyndan soň bolsa hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, azyk howpsuzlygyny berkitmegiň söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini aýtdy.

«Içerki bazarlarda azyk we sarp ediş harytlaryny elýeterli bahalardan üpjün etmegi gözegçilikde saklamak, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini hem-de görnüşini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, haly önümlerini öndürmek we olaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy binýadyny, çig mal üpjünçiligini yzygiderli berkitmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şondan soň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabatyna orun berildi

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, O.Hojanazarowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä P.Kakabaýewi belledi we ony şol komitetiň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine K.Nepesowy belledi hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2025-nji ýylyň dowamyndan alnyp barlan işler baradaky hasabatyň berilmeginden soň, hormatly Prezidentimiz B.Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Mämmedowy belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Gaýypowy belledi we ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra ulag we aragatnaşyk toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Annaýewi bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak tabşyryldy.

Şondan soň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ç.Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ö.Goşjanowy belledi we ony daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz B.Ataýewi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Tejenowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyryp, bu ugurda taýýarlanan degişli resminamany tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şondan soň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň hasabatyna orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyny 2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini aýtdy.

«Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini, möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berlendigini, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilendigini aýtdy. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

«Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy we ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda karara gol çekendigini belledi. Şunda ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

«Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info