Döwlet Baştutanymyz «Toyo Engineering» we «Daewoo E&C» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

MilliInfo
Döwlet Baştutanymyz «Toyo Engineering» we «Daewoo E&C» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

28-nji sentýabrda baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär.

Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň bilen baglylykda, «Toyo Engineering Corporation» bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Li Kan-Soky mähirli mübärekläp, ilki bilen, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryna koreý kompaniýalary uly goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Li Kan-Sok ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info