Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

MilliInfo

8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Gümrük kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze «Kenar» sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Kararyň taslamasy barada boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we Balkan welaýatynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäginde gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini artdyrmak boýunça Balkan welaýatynyň söwda ulgamynda alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatyndaky medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň hasabaty ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler hakynda boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2026-njy ýylyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň garamagyndaky ministrliklerde, döwlet gulluklarynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada beýan edildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info