Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: «Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys» diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, bu işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli 5 müň 294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň syýasy ähmiýeti barada aýtdy. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütler hem kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp döwlet resminamalaryna gol çekdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini aýtdy. «Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

***

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info