Şu günler Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.
«Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin» — diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden çykyşynda bellledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalaryň edilýändigini belläp, bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy.
Tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» ýük gämisini işe girizmäge ak pata berdi. Gäminiň zogunyň çalynmagy bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. Bu bolsa asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.