Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de täze önümçiligi döretmek taslamasyny makullady

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de täze önümçiligi döretmek taslamasyny makullady

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilik dörediler. Bu barada 26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info