Düýn — 19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan «A» hem-de «B» binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tamamlaýjy tapgyrda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyň dowamynda onuň ýatymlaýyn otaglarynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Otaglarda raýatlarymyz üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, otaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, içki bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Bölümiň türgenleşik zalynyň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Onda gurnalan enjamlaryň her biri adam synalaryna oňyn täsirini ýetirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz şypahananyň mineral suw içilýän bölümine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mineral suwuň ýokumlylyk derejesi, olaryň ýylylygy we mineral suwlary içmegiň kadasy barada lukmanlaryň maslahatlarynyň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini we saglyklaryny berkidýändiklerini nazara alanyňda, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy.
Şypahananyň çäklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Dynç alýanlar şypahananyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyrlar, olar ulaglaryny awtoulag duralgalarynda goýup, arkaýyn dynç alyp bilmelidirler.
Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri we kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
