Gruziýada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyna Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül goýmakdan başlady.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň azatlygy we jebisligi ugrunda pida bolan gahrymanlaryň atlary ýazylan ýadygärlige gül dessesini goýup, Watan üçin göreşijileri hatyralady.
Gahrymanlar meýdançasynyň merkezinde ýerleşýän Gahrymanlar ýadygärliginiň beýikligi 51 metr bolup, ol dürli ýyllarda Watanyň azatlygy ugrunda baş goýanlaryň 4 müňden gowragynyň ady ýazylan 16 sany mermer plitasyndan ybaratdyr. 2010-njy ýylyň maýynda bolsa meýdançanyň çäginde Gruziýanyň garaşsyzlygy, döwlet bitewüligi ugrunda pida bolanlaryň hatyrasyna ýörite ýadygärlik açyldy.
