Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatyny ösdürmek hem-de muzeý işini kämilleşdirmek hakynda resminamalara gol çekdi

MilliInfo
Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatyny ösdürmek hem-de muzeý işini kämilleşdirmek hakynda resminamalara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine «Tejenkarbamid» zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän nusgalyk gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň muzeý we muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info