«Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tassyklanyldy

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksatlaryndan ugur alýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info